turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň Baş sekretaryndan gutlag hatyny aldy
Mar 27, 2026
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Han Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Oraza we Nowruz baýramlary bilen gutlady.
“Oraza hem-de Nowruz baýramlary mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna mähirli salamymy, iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn. Goý, bu nurana baýramlar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitine parahatçylyk we rowaçlyk getirsin, dostluk hem-de raýdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrsyn” diýip, YHG-nyň Baş sekretary öz gutlag hatynda ýazdy.