turkmenaltyn@sanly.tm
21-04-87
Türkmenistanyň Prezidenti söwda toplumynyň kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagy tabşyrdy
Mar 7, 2026
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,7 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,5 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi.