Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkiýäniň ilçisi kabul edildi
Apr 1, 2026
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşdy. 31-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, iki ýurduň halkara meýdançalardaky özara gatnaşyklarynyň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler we mundan beýläk-de birek-biregiň başlangyçlaryna özara goldaw bermek niýetini tassykladylar.
Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, energetika we ulag ulgamlaryndaky özara hereketleri güýçlendirmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek we halkara forumlara özara gatnaşmak meselelerine hem seredildi.
Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge özara gyzyklanmalary tassykladylar.