Türkmenistanda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi geçirildi
Apr 2, 2026
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow 1-nji aprelde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew çykyş edip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, Watan goragçylarynyň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada aýdyldy.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabatlary diňläp, döwletiň milli howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletiň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.