21-04-87
Logo

TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKYNYŇ GYMMAT BAHALY METALLAR WE GYMMAT BAHALY DAŞLAR GAZNASY

Türkmenistan we Gruziýa ulag-logistika ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanýarlar

Apr 2, 2026

Gruziýa resmi saparyň çäklerinde, 31-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Poti portunyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belläp, ulag we logistika ulgamynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, iki tarap hem «Hazar deňzi – Gara deňzi», «Lapis Lazuli» halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri, şeýle-de «Ýaşyl port» ýaly taslamalary amala aşyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýük dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçiliklerini, multimodal logistika çözgütlerini mundan beýläk hem kämilleşdirmegi, üstaşyr ýükleriň daşalmagynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy hem-de demir ýol we deňiz gatnawlaryny amala aşyryjylaryň arasyndaky utgaşyklygyň ýokarlandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenbaşy we Poti portlaryny Gündogar-Günbatar halkara ulag geçelgelerine integrirlemegiň geljegi uly bolan ugurlaryna seredildi.

Port terminallaryny dolandyrmakda tejribe alyşmaga, şeýle-de bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti